2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi. Bu teatr gysga wagtyň içinde täsirli we gyzykly oýunlaryň onlarçasyny sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň düzümi giň bolup, öz tans topary, orkestr artistleri, aýdymçy artistleri, drama artistleri bar.
Teatrda režissýor Aýnazar Batyrow, artistler Rejepgeldi Gurbanow, Halbike Dowyýewa, Ogultäç Hanyýewa, Öwezguly Gelenow, Nury Hudaýgulyýew, Şatlyk Halykow, Döwlet Berdiýew, Tirkeş Mätnazarow, Aýsoltan Kowusowa, Nargiza Halykowa, kompozitor Nurygandym Hojamuhamedow, suratkeş Batyr Bekmyradow ýaly sungat ussatlary döredijilikli zähmet çekýärler.
Umumy tutýan ýeri 20327 m2 bolup, ak mermere bürenip oturan Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 750 tomaşaçylar üçin orun bar. Bu medeniýet ojagy dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry çeper höwesjeňlere ýakyndan kömek berýär. Medeniýet we sungat işgärlerini taýýarlaýan ýokary we orta okuw jaýlarynyň talyplary bu teatrda ýylyň ýylyna tejribe geçýärler. Olar teatryň arhiwinde, edebi-drama bölüminde, yşyklandyryş, radio we grim bölümlerinde tejribeli hünärmenlerden sungatyň inçe syrlaryna aralaşmagy öwrenýärler.
Teatrda ýaşlara berilýän üns hem öwerliklidir. Ýaş artistler keşp döretmäge yzygiderli çekilse, ýaş režissýorlar we suratkeşler öz ugurlaryndan ussat işgärlerden tälim alýarlar.