Şahyrym! Sen dünýäň bir akyldary,
Dünýämiz dürdäne söz hyrydary.
Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz.
Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.
Magtymguly – Jemşidiň jamydyr.
Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňitaýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.
Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.
Magtymgulyny ähli türkmenler aýratyn sylaýarlar… Magtymgulynyň öwlüýämukaddesligi türkmenleriň arasynda şekşübhe döretmeýär. Türkmenler: «Onuň ähli ýazan we aýdan zatlary irugiç berjaý bolmalydyr» diýýärler.
Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok. Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp rowaýat aýdylýar.
Magtymgulynyň aýdymlaryny iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak türkmen üçin aňrybaş hezillikdir. Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, ol dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular ýazypdyr. Onuň kitaby Gurhandan soň, türkmenleriň arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelär.
Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmaty onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakda we ş.m. temalara bagyşlap ýazan goşgularynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý Gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär. Toýdatomguda ýada ýönekeý bir üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy.
Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beý leki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikmejik aýdylýar.