Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 69.

Şahyrym! Sen dünýäň bir akyldary,
Dünýämiz dürdäne söz hyrydary.

— Gara Seýitliýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 69.

Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz.
Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.

— Gara Seýitliýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 68.

Magtymguly – Jemşidiň jamydyr.

— Ýewgeniý Bertels, rus alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 67.

Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi­taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýa­synda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.

— Ýewgeniý Bertels, rus alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 65.

Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.

— Wladimir Bartold, rus alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 64.

Magtymgulyny ähli türkmenler aý­ratyn sylaýarlar… Magtymgulynyň öw­lüýä­mukaddesligi türkmenleriň arasyn­da şek­şübhe döretmeýär. Türkmenler: «Onuň ähli ýazan we aýdan zatlary iru­­giç berjaý bolmalydyr» diýýärler.

— Fýodor Bakulin, rus alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 63.

Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok. Magtym­gulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp rowaýat aýdylýar.

— Fýodor Bakulin, rus alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 58.

Magtymgulynyň aýdymlaryny iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak türkmen üçin aňrybaş hezillikdir. Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, ol dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular ýazypdyr. Onuň kitaby Gurhandan soň, türkmenleriň arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelär.

— Arminiý Wamberi, wenger alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 59.

Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmaty onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakda we ş.m. temalara bagyşlap ýazan goşgularynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý Gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär. Toýda­tomguda ýa­da ýönekeý bir üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy.

— Arminiý Wamberi, wenger alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 60.

Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beý­ leki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme­jik aýdylýar.

— Arminiý Wamberi, wenger alymy