Bölümler

Häzirki zaman türkmen dili we taryhy bölümi

“Häzirki zaman türkmen dili we taryhy” bölümi türkmen diliniň fonetikasynyň hem-de grammatikasynyň wajyp meselelerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenýär. Şonuň ýaly-da, türkmen dilinde dürli grammatik serişdeleriň ulanylyşy, sözleriň ýasalyş ýollary, dürli söz toparlarynyň many, gurluş we ulanyş aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde iş alyp barýar. Bölüm türkmen diliniň taryhy ýagdaýyny öwrenmek bilen onuň gadymy çeşmelere, ýazuw ýadygärliklerine bolan mynasybetini we dilimiziň gadymy ýazgylara bolan gatnaşygyny yzarlaýar. Türkmen diliniň taryhynyň beýleki halklaryň diliniň taryhyna bolan gatnaşyklaryny ylmy esasda derňew edýär. Bölüm ýerli gepleşiklerimiziň maglumatlaryny ýazuw çeşmeleri bilen utgaşdyryp öwrenýär. Türkmen dilini şu günki ýagdaýynda öwrenmek bilen ugurdaşlykda, onuň taryhy köklerini, asyrlar boýy geçen ýollaryny, beýleki diller bilen gatnaşyklarynyň esasynda galdyran yzlaryny, türkmen diliniň özge dillere ýetiren täsirini, garyndaş dilleriň arasyndaky dil umumylyklaryny, diliň sözlük düzümini, seslerini, sözleriň we sözlemleriň gurluşynyň ösüş basgançaklaryny döwrüň ösen talaplary nukdaýnazaryndan derňeýär. Bölümiň işgärleri ylmy-barlaglary türkmen diliniň taryhyny, gadymy ýazuw ýadygärlikleriň, türkmen nusgawy şahyrlarynyň edebi mirasynyň dilini we ýerli gepleşikleri düýpli öwrenmek, toplanan maglumatlary ylmy dolanyşyga girizmek hem-de gadymy we dialektologik sözlükleri düzmek işine gönükdirdiler. Bölümde türkmen diliniň taryhy sintaksisiniň dürli meseleleriniň ylmy-derňewini öz içine alýan we dürli asyrlara degişli ýazuw ýadygärlikleriň maglumatlary şöhlelenýän „Türkmen diliniň taryhy grammatikasy. Sintaksis“ atly jiltlik ilkinji gezek bitewi ylmy iş hökmünde çapa taýýarlanyldy. VII-XVII asyrlary öz içine alýan türkmen dilindäki 30 töweregi ýazuw ýadygärlikleri öz içine alýan “Gadymy türkmen diliniň sözlügi” taýýarlanyldy.