Bölümler

Sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölümi

Sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminde sözleriň, adalgalaryň manylary, olaryň many gatnaşyklarynyň meseleleri çuňňur öwrenilip, düşündirişli, iki dilli, adalgaşynaslyk we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, şeýle-de, orfoepik, orfografik we frazeologik sözlükleri düzmekligiň üstünde iş alnyp barylýar. Mundan başga-da, türkmen edebi dilini kämilleşdirmek maksady bilen, dili kadalaşdyrmagyň dürs ýazuw, dürs aýdylyş meseleleri öwrenilýär hem-de edebi aýdylyşyň, edebi söz ulanylyşyň, grammatikanyň, stilistikanyň düzgünleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Bölümde sözleriň, adalgalaryň manylary, olaryň many gatnaşyklarynyň meseleleri çuňňur öwrenilip, pudaklaýyn we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri hem-de iki dilli sözlükleri düzmegiň üstünde işlenilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we medeni taýdan uly ösüşlere eýe bolmagynyň, halk hojalygymyzyň dürli ugurlary boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagynyň netijesinde türkmen dil bilimine, şol sanda halkymyzyň sözlük goruna täze-täze sözleriň, adalgalaryň aralaşmagy kanunalaýyk hadysadyr. Olary millileşdirmek mynasybetli türkmen diliniň adalgalarynyň ulanylyşyny düzgüne salmak maksady bilen, bölümde 11 ugur boýunça pudaklaýyn sözlükler düzüldi we ol „Türkmen diliniň uly adalgalar sözlügi” ady bilen neşire taýýarlanyldy.