Bölümler

Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölümi

“Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri” bölüminde institutyň golýazmalar hazynasynda saklanýan, şol sanda daşary ýurtlara gurnalan ylmy saparlar netijesinde dünýäniň meşhur kitaphanalaryndan, muzeýlerinden, golýazma hazynalaryndan getirilen türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlar, XVII-XVIII, XIX asyrlaryň taryhyna dahylly türkmen, arap we pars dilli golýazmalar öwrenilýär. Bölümde „Taryhlaryň nyzamy“, „Wezirleriň öçmejek yzlary“, „Taryhlaryň gaýmagy“, „Gymmatly göwher”, “Kutupşalaryň taryhy” (I,II jiltleri), „Wakalar we terjimehallaryň dürdäneleri”, „Bihabarlara ömür habarlary” (I,II jiltleri), „Hökümdarlyk işinde türkilere berlen sowgat”, „Soltanlyk we halypalyk berlen adamlaryň ylham çeşmesi”, „Döwletleriň habarlary we öňkileriň galdyran yzlary” ýaly türkmen halkynyň taryhyna çeşmelik bolup hyzmat etjek arap hem pars dilli birnäçe golýazma çeşmeleri türkmen diline terjime edildi.