Bölümler
Halk döredijiligi bölümi
“Halk döredijiligi” bölümi türkmen halk döredijiliginiň nusgalarynyň iň gadymy döwürden başlap ähli görnüşlerini toplaýar we ylmy barlaga çekýär. Halk döredijilik eserleriniň döwre görä döreýiş hem ösüş aýratynlyklaryny ylmy esasda ýüze çykarýar. Halk döredijiliginiň nusgalarynyň dürli görnüşlerini telewideniýe-radio, gazet-žurnal makalalarynyň üsti bilen wagyz edýär, ylmy kitaplary hem-de kitapçalary çapa taýýarlaýar we halk köpçüligine ýetirýär. Bölümde türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri döreden ruhy, medeni gymmatlyklary bolan halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini düýpli derňäp, olary ylmy dolanyşyga girizýär. Halk döredijiliginiň nusgawy edebiýata täsirini öwrenmek maksady bilen, ýazyjy-şahyrlarymyzyň halk döredijiligi eserlerinden peýdalanyşyny, öz eserlerinde olaryň ulanylyş gerimini, tärlerini, däplerini öwrenýär we ýazuwly edebiýat bilen halk döredijiligi eserleriniň gatnaşygyny ýüze çykarýar. Netijede, halk döredijiligi eserleriniň her bir nusgasynyň ýazyjy-şahyrlara çeşmelik hyzmat edendigi aýdyňlaşdyrylýar. Bölümiň ylmy işgärleri ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrapdyr-obalarynda iş saparlarynda bolup, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini halkyň arasyndan ýygnap, çapa taýýarlaýar, öňki bar bolan görnüşleri bilen deňeşdirip, olaryň umumylyklaryny we aratapawutlyklaryny ylmy nukdaýnazardan seljerýär. Türkmen halkynyň milli tebigatyny, gözýetimini, paýhas goruny özünde jemleýän ebedi mirasymyzyň güýji, gymmaty, şirinligi her bir ynsana ylham berýän ruhy güýçdür. Ynsan kalbynyň soltany bolan halk döredijiliginiň dürdäneleri nesil terbiýesinde däp-dessury, edim-gylymy, ahlak arassalygyny, lebiz halallygyny özünde jemleýän milli mekdepdir.