Bölümler

Ylmy teswir we gözegçilik bölümi

“Ylmy teswir we gözegçilik” bölüminde golýazmalar hazynasyndaky gadymy gündogar golýazmalaryň kartotekasy düzülip, olary kompýuterleşdirmek we diskanirlemek işleri alnyp barylýar. Golýazmalar hazynasynda saklanýan arap, pars we türkmen dillerindäki Gündogar golýazmalarynyň ylmy teswiri düzülýär. Teswirlerde eserleriň ýazarlarynyň atlary, tahalluslary, kätipleri, eýeleri, terjimeçileri, seneleri, golýazmalaryň hatlarynyň görnüşleri, mowzuglary, bagyşlanyp, ýa-da sargyt edilip ýazylandygy, ýazylan we wakf edilen ýerleri, wakf ýa-da şahsy möhürler we beýleki dürli bellikler hakynda gysgaça maglumat berilýär. Golýazmanyň kagyzynyň nirede öndürilendigi, golýazmanyň hatynyň görnüşi, golýazmanyň waragynyň ininiň, boýunuň we metiniň ölçegi görkezilýär. Bölümiň işgärleri golýazmalaryň waraklarynyň zaýalanmazlygy, syýalarynyň bozulmazlygy, listleriniň dürli zyýanly mör-möjeklerden goralyp saklanmagy üçin golýazma hazynasyny kadaly howa şertleri bilen üpjün edilmegine, gymmatly golýazmalaryň zyýanly tozanjyklardan arassalanmagyna gözegçilik edýär. Bölüm golýazmalar bilen iş salyşýan alymlara ýokary hilli hyzmat edýärler, halkdan gelip gowuşýan golýazmalary kabul edýärler, şeýle hem daşary ýurtlaryň golýazmalar hazynasynda saklanýan golýazmalaryň ýurdumyza getirilen surat nusgalaryny resmileşdirip, okyjylaryň hyzmatyna taýýarlaýarlar.