Bölümler

Rejeleýiş we abat saklaýyş bölümi

“Rejeleýiş we abat saklaýyş” bölüminde rejelenmäge degişli bolan golýazmalary rejelemek, konserwirlemek, jiltlemek, arassalamak we dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar. Gadymy golýazmalaryň her biri azyndan iki gymmatlyga eýedir: birinji ruhy gymmatlyk, ikinji aýratyn bir medeni gurşawda döredilen, halkyň milli ýadygärlikleriniň arasynda öz mynasyp ýerini eýeleýän taryhy resminama hökmündäki maddy gymmatlyk. Golýazmanyň ähli düzüm bölekleri onuň döredilen wagtyndan habar berýän gymmatlyk bolup durýar. Şol sebäpli golýazma hazynasyndaky dürli sebäpler esasynda zeper çeken golýazma kitaplaryny asyl görnüşini üýtgetmezden (kagyzyna, ýazgy syýasyna, sahabyna we beýlekilere zyýan bermezden) gorap saklamak işiň baş maksady bolup durýar. Şu maksatdan ugur alnyp, bölümde golýazma kitaplaryny gorap saklamak we geljekki nesillerimize abat ýetirmek üçin olary zyýan beriji dürli mör-möjeklerden we mikroorganizmlerden zyýansyzlandyrmak, rejelenjek golýazma kitaplarynyň kagyzynyň, syýasynyň hiline we ereýjiligine baglylykda degişli rejeleýiş usullaryny kesgitläp, rejelenýän golýazma kitaplarynyň kagyzyna laýyklykda rejeleýişiň dowamynda ulanyljak rejeleýiş kagyzlaryny saýlamak we goşmaça materiallary ýerlikli ulanmak, rejeleýiş we sahaplaýyş işleri üçin erginleri, dürli goýulykdaky ýelimleri (undan, krahmaldan, metilsellýulozadan) taýýarlamak we ulanmak, golýazma, daşbasma kitaplaryna zyýan bermezden waraklaryny tozandan arassalamak işleri alnyp barylýar. Bu işleri amala aşyrmak üçin hazynada rejelenmäge degişli bolan golýazma kitaplary saýlanyp alynýar, zyýan çeken golýazma kitaplarynyň ýagdaýyna görä geçirilmeli işler meýilleşdirilýär. Rejelenýän golýazmanyň öňki we soňky ýagdaýlaryny beýan edýän pasportlaşdyrmak işi ýola goýlup, rejelemäniň tapgyrlary yzygiderlilikde ýerine ýetirilýär. Şeýle-de golýazma we daşbasma kitaplary daşky gurşawyň täsirinden we mehaniki zaýalanmalardan goramak üçin papkalar ýasalýar. Institutda golýazma we daşbasma kitaplaryny, milli mirasymyzy öwrenmek, rejelemek, aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işleri wagyz etmek dowamly alnyp barylýar.