Biz Hakda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty türkmen dilini, edebiýatyny hem-de golýazma mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1085 belgili Karary esasynda döredildi.
Biz Hakda »HABARLAR
TÜRKMEN DILINDE TOPONIMIÝA WE ETNONIMIÝA BILEN BAGLANYŞYKLY ADAM ATLARY
Belli alym W. A. Nikonowyň dogry belleýşi ýaly, „Antroponimiýanyň, şeýle hem umumy onomastikanyň ilkinji kanuny taryhylykdyr”. Taryhy-lingwistik gözlegler üçin türkmen diliniň antroponimleri uly ähmiýete eýedir, çünki her bir antroponim halkyň jemgyýetçilik pikiri, dünýägaraýşy, ruhy dünýäsi, taryhy we medeni ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Has atlaryň jeminde halkyň medeni ösüşi görünýär, sebäbi türkmen halky, ýagny ata-babalarymyz has atlaryň, şol sanda adam atlarynyň hem taryhy awtorydyr.
Her halkyň antroponimik ulgamy özüniň geografik ýaýrawy, taryhy we haýsydyr bir anyk millete degişliligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Türkmen antroponimiýasynyň hem özboluşly aýratynlyklary bar, sebäbi türkmen adam atlarynda halkyň ykdysady we medeni durmuşy, däp-dessury, dünýägaraýşy, ruhy dünýäsi, döredijilik ukuby, goňşy halklar bilen eden taryhy aragatnaşyklary şöhlelenýär.
Çaga at dakmak üznüksiz döredijilikli ýagdaý bolup, ol taryha, dile, etnografiýa, milli däp-dessurlara, şeýle hem başga-da dürli sebäpler bilen baglylykda, haýal hem bolsa, üýtgäp durýar. Çaga bolan wagty, maşgalada, jemgyýetde tapawutlandyrmak üçin, oňa şahsy at dakylýar. Ol at diňe jemgyýet üçin döreýär. Şol sebäpli hem jemgyýet şahsy atlara öz täsirini ýetirýär. Şahsy atlar bolsa diliň sözlük düzüminiň bir bölegi bolup durýar. Adamlara dakylýan atlaryň aglabasy dildäki adaty sözlerden, gündelik durmuşda ulanylyp ýörlen zatlaryň, predmetleriň, hadysalaryň... atlaryndan hasyl bolýarlar. Olar umumyhalk diliniň hazynasyndan süzülip alynýar we ene diliň kanunlaryna boýun egýär. Şol sebäpli hem çaga adynyň medeniýetli, gelşikli, döwrebap bolmagy üçin iňňän oýlanyşykly, seresaplylyk bilen çemeleşmegiň zerurlygy ýüze çykýar.
Türkmen maşgalasynda çaga at dakmakda özboluşly milli däp-dessurlara daýanylýar. Şol sebäpli hem wagtyň geçmegi bilen antroponimiýada käbir atlar arhaizmleşýär, käbirleri bolsa täzeden döreýär. Şahsy at hökmünde dürli manydaky, dürli häsiýetdäki sözler hem ulanylyp bilner. Antroponimiýada halkyň dini garaýşy, dürli halklar bilen eden ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik-medeni aragatnaşyklary şöhlelenýär. Häzirki wagtda türkmen antroponimiýasynda halkyň asyrlar dowamynda syntgylap geçiren antroponimleri jemlenendir.
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE IŞLIGIŇ BUÝRUK ŞEKILINIŇ ULANYLYŞY
Türkmen dilinde işlikler diňe bir gymyldy-hereketi aňlatman, eýsem olar şekil, dereje ýasaýjy goşulmalary kabul edýär we many toparlara bölünýär. Işlik şekilleri barada durlup geçilende bolsa, olar häzirki zaman türkmen diliniň grammatik gurluşynda giňden ulanylýar. Türkmen dilinde işlik şekilleriniň ýene bir görnüşi işligiň buýruk şekilidir. Bu işlik şekiliniň Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen häzirki zaman türkmen edebi dilinde bir bitewi umumylygy saklandygyny görmek bolýar. Magtymgulynyň döredijiliginde işligiň buýruk şekili gurluşy taýdan üç topara: 1) asyl işlikler, 2) ýasama işlikler we 3) goşma işlikler diýen toparlara bölünýär.
Umuman, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý hem köptaraply şahyrana döredijiligini dil nukdaýnazaryndan giňişleýin we çuňňur öwrenmek, täze garaýyşlary ýüze çykarmak uly ähmiýete eýedir.
KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝALARY ARKALY ORFOGRAFIÝANY ÖWRETMEK
Makala “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, didaktikany, şol sanda türkmen dili dersini okatmagyň häzirki zaman ylmy-barlag esaslaryna daýanýar. Makalada häzirki zaman umumbilim berýän orta mekdeplerde türkmen dili dersini okatmagy guramak, türkmen diliniň materiallary (orfografiýa) boýunça elektron öwrediji kompýuter programmalary taýýarlamak, olar boýunça iş alyp barmagyň usuly we türkmen diliniň dodak çekimlileriniň ýazuw kadalaryna degişli düşünjeleriň (nazary, amaly) kompýuter tehnologiýalary arkaly berlişi, okuwçylaryň özbaşdak alyp barýan işine gözegçiligiň ýola goýluşy, okuwçylaryň ýazuw işine kompýuter arkaly bahalaryň bellenilişi beýan edilýär. Okuwçylaryň sowatlylygyny gazanmakda kompýuter tehnologiýalarynyň hyzmaty delillendirilip geçilýär.
Awtor okuwçylaryň lingwistika bolan höwesini kemala getirmekde, ösdürmekde, dürs ýazuw endigini we başarnygyny gazanmakda, sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmakda tehniki enjamlara uly orun degişli edýär.