Bölümler

Türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölümi

“Türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar” bölümi türkmen edebiýatynyň meselelerini içgin yzarlaýar, XX asyryň türkmen edebiýatynda ýüze çykan ylmy we edebi täzelikleri öwrenýär. Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän ylmy meseleleri derňemek bilen, onuň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarýar we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň döredijilik gözleglerini derňemek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde ylmy işleri alyp barýar. Bölümiň esasy wezipesi häzirki zaman eserleriniň çeperçilik taýdan ösüşini we kämilleşişini ylmy nukdaýnazardan seljermekden, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini düýpli öwrenmekden ybarat bolup durýar. Şonuň ýaly-da, bölüm edebiýaty öwreniş ylmynda edebi-nazary pikirleriň ösüşini, çeper edebiýatyň esasy aýratynlyklaryny, edebi eserleriň mazmun-forma birligini, çeper keşbiň görnüşlerini, çeper eseriň gurluşyny, sýužetini, eseriň hem gahrymanyň dilini, ýazyjynyň stilini, şygyr gurluş esaslaryny we edebi prosesiň ösüşini öwrenýär. Bölüm eserleriň çeperçilik dünýäsini seljermek bilen, olaryň halkylyk, millilik, taryhylyk derejelerini kesgitleýär. Edebi gatnaşyklaryň döreýşini we her halk bilen bar bolan dowamly edebi gatnaşyklaryň özboluşly häsiýetini ýüze çykarýar. Bölümde türkmen edebiýatynyň meselelerini düýpli yzarlamak esasynda „Türkmen edebiýatynyň taryhy” atly köp jiltlik neşire taýýarlanyldy.