Bölümler
Tekstologiýa we edebi miras bölümi
“Tekstologiýa we edebi miras” bölüminde institutyň golýazmalar hazynasynda saklanýan ygtybarly golýazmalar, şol sanda ylmy saparlar netijesinde daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan, muzeýlerinden, golýazma hazynalaryndan getirilen türkmen edebiýatyna, diline, medeniýetine, taryhyna degişli golýazmalaryň surat nusgalary esasynda degşirme, deňeşdirme-taryhy seljerme usullary arkaly ylmy-barlag işleri, ylmy-populýar we tankydy tekstler neşire taýýarlanylýar. Bölüm türkmen nusgawy şahyrlarynyň köpasyrlyk edebi mirasyny ylmy taýdan düýpli öwrenýär, gadymy döwürlerden XX asyra çenli bolan aralykda ýaşan hem döreden türkmen şahyrlarynyň edebiýatymyzyň taryhyndaky mynasyp ornuny, olaryň döreden eserleriniň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny nazarlaýan häsiýetlerini kesgitleýär. Bölüm türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň döwrebap meselelerini ylmy taýdan seljermek, gadymy, orta asyrlar, nusgawy türkmen edebiýatyna degişli milli edebi mirasy öwrenmek, olaryň ideýa-mazmun hem-de çeperçilik aýratynlyklaryny ylmy taýdan derňemek we ýüze çykarmak, türkmen edebiýatynda häzirki döwre çenli mälim bolmadyk şahsyýetleri gözläp tapmak, olaryň edebi mirasyny halka ýetirmek bilen meşgullanýar. Ylmy barlaglar geçirilende, şu wagta çenli döredijiligi we edebi mirasy mälim bolmadyk, ylmy dolanyşyga girizilmedik şeýle-de edebi mirasy az öwrenilen şahsyýetleriň ömür ýoluna we eserlerine aýratyn orun berilýär. Türkmen edebiýatynyň taryhynda gadymy we orta asyrlar hem-de nusgawy edebiýatymyz türkmen edebi mirasynyň genji-hazynasyny düzýär. Bu döwürleriň edebiýaty milli mirasymyzyň hazynasy hökmünde çuňlaşdyrylyp, Garaşsyzlyk döwrünuň edebi taglymaty nukdaýnazaryndan öwrenilmäge degişlidir. Şu wezipelerden ugur alnyp: Awfynyň “Naýbaşy danallar”, Babyryň “Babyrnama”, Muhammet Gazalynyň “Nesihatnama”, Hinduşa Astrabadynyň “Ybraýymyň gülşeni” Ýahýa ibn Halylyň “Futuwwetnama” ýaly nusgalyk eserleri, şeýle-de “Türkmen edebiýatynyň taryhy” atly köp jiltligiň “Gadymy we orta asyrlar türkmen edebiýatynyň taryhy”, “XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhy”, “XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy” atly jiltlikleri neşire taýýarlanyldy.