KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝALARY ARKALY ORFOGRAFIÝANY ÖWRETMEK
26/09/2022
Makala “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, didaktikany, şol sanda türkmen dili dersini okatmagyň häzirki zaman ylmy-barlag esaslaryna daýanýar. Makalada häzirki zaman umumbilim berýän orta mekdeplerde türkmen dili dersini okatmagy guramak, türkmen diliniň materiallary (orfografiýa) boýunça elektron öwrediji kompýuter programmalary taýýarlamak, olar boýunça iş alyp barmagyň usuly we türkmen diliniň dodak çekimlileriniň ýazuw kadalaryna degişli düşünjeleriň (nazary, amaly) kompýuter tehnologiýalary arkaly berlişi, okuwçylaryň özbaşdak alyp barýan işine gözegçiligiň ýola goýluşy, okuwçylaryň ýazuw işine kompýuter arkaly bahalaryň bellenilişi beýan edilýär. Okuwçylaryň sowatlylygyny gazanmakda kompýuter tehnologiýalarynyň hyzmaty delillendirilip geçilýär.
Awtor okuwçylaryň lingwistika bolan höwesini kemala getirmekde, ösdürmekde, dürs ýazuw endigini we başarnygyny gazanmakda, sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmakda tehniki enjamlara uly orun degişli edýär.