Generic placeholder image

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE IŞLIGIŇ BUÝRUK ŞEKILINIŇ ULANYLYŞY

26/09/2022

Türkmen dilinde işlikler diňe bir gymyldy-hereketi aňlatman, eýsem olar şekil, dereje ýasaýjy goşulmalary kabul edýär we many toparlara bölünýär. Işlik şekilleri barada durlup geçilende bolsa, olar häzirki zaman türkmen diliniň grammatik gurluşynda giňden ulanylýar. Türkmen dilinde işlik şekilleriniň ýene bir görnüşi işligiň buýruk şekilidir. Bu işlik şekiliniň Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen häzirki zaman türkmen edebi dilinde bir bitewi umumylygy saklandygyny görmek bolýar. Magtymgulynyň döredijiliginde işligiň buýruk şekili gurluşy taýdan üç topara: 1) asyl işlikler, 2) ýasama işlikler we 3) goşma işlikler diýen toparlara bölünýär.

Umuman, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý hem köptaraply şahyrana döredijiligini dil nukdaýnazaryndan giňişleýin we çuňňur öwrenmek, täze garaýyşlary ýüze çykarmak uly ähmiýete eýedir.