Generic placeholder image

TÜRKMEN DILINDE TOPONIMIÝA WE ETNONIMIÝA BILEN BAGLANYŞYKLY ADAM ATLARY

26/09/2022

Belli alym W. A. Nikonowyň dogry belleýşi ýaly, „Antroponimiýanyň, şeýle hem umumy onomastikanyň ilkinji kanuny taryhylykdyr”. Taryhy-lingwistik gözlegler üçin türkmen diliniň antroponimleri uly ähmiýete eýedir, çünki her bir antroponim halkyň jemgyýetçilik pikiri, dünýägaraýşy, ruhy dünýäsi, taryhy we medeni ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Has atlaryň jeminde halkyň medeni ösüşi görünýär, sebäbi türkmen halky, ýagny ata-babalarymyz has atlaryň, şol sanda adam atlarynyň hem taryhy awtorydyr.

Her halkyň antroponimik ulgamy özüniň geografik ýaýrawy, taryhy we haýsydyr bir anyk millete degişliligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Türkmen antroponimiýasynyň hem özboluşly aýratynlyklary bar, sebäbi türkmen adam atlarynda halkyň ykdysady we medeni durmuşy, däp-dessury, dünýägaraýşy, ruhy dünýäsi, döredijilik ukuby, goňşy halklar bilen eden taryhy aragatnaşyklary şöhlelenýär. 

Çaga at dakmak üznüksiz döredijilikli ýagdaý bolup, ol taryha, dile, etnografiýa, milli däp-dessurlara, şeýle hem başga-da dürli sebäpler bilen baglylykda,  haýal hem bolsa, üýtgäp durýar. Çaga bolan wagty, maşgalada, jemgyýetde tapawutlandyrmak üçin, oňa şahsy at dakylýar. Ol at diňe jemgyýet üçin döreýär. Şol sebäpli hem jemgyýet şahsy atlara öz täsirini ýetirýär. Şahsy atlar bolsa diliň sözlük düzüminiň bir bölegi bolup durýar. Adamlara dakylýan atlaryň aglabasy dildäki adaty sözlerden, gündelik durmuşda ulanylyp ýörlen zatlaryň, predmetleriň, hadysalaryň... atlaryndan hasyl bolýarlar. Olar umumyhalk diliniň hazynasyndan süzülip alynýar we ene diliň kanunlaryna boýun egýär. Şol sebäpli hem çaga adynyň medeniýetli, gelşikli, döwrebap bolmagy üçin iňňän oýlanyşykly, seresaplylyk bilen çemeleşmegiň zerurlygy ýüze çykýar. 

Türkmen maşgalasynda çaga at dakmakda özboluşly milli däp-dessurlara daýanylýar. Şol sebäpli hem wagtyň geçmegi bilen antroponimiýada käbir atlar arhaizmleşýär, käbirleri bolsa täzeden döreýär. Şahsy at hökmünde dürli manydaky, dürli häsiýetdäki sözler hem ulanylyp bilner. Antroponimiýada halkyň dini garaýşy, dürli halklar bilen eden ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik-medeni aragatnaşyklary şöhlelenýär. Häzirki wagtda türkmen antroponimiýasynda halkyň asyrlar dowamynda syntgylap geçiren antroponimleri jemlenendir.