Books

Photo

Magtymgulynyň mirasynyň Garagalpagystanda öwrenilişi

Magtymguly Pyraga bolan uly gyzyklanma garagalpak topragynda 
aýratyn bellärliklidir, çünki bu edebiýat garyndaş, dildeş bir edebiýat bolman, many-mazmun babatda-da, öňe süren meseleleri we ideýa-ündewleri barada-da, çeperçilik jähetden-de, usulyýet taýdan-da türkmen edebiýaty bilen hakyky kökdeş edebiýatdyr. Işde Magtymgulyny bu topraga alyp gelen sebäpleri, onuň Garagalpagystandaky meşhurlygy, onuň garagalpak şygryýetine ýetiren täsirleri, şahyryň döredijiliginiň edebi-ylmy nukdaýnazarlary we çeper edebiýatda öwrenilişi seljerilýär.

Photo

Türkmen diliniň fonetikasy

Iki sany aýry-aýry kitapdan durýan “Türkmen diliniň fonetikasy” atly uly jiltlik köp ýyllaryň dowamynda irginsiz çekilen zähmetiň esasynda döredi. 
Onuň 1-nji kitaby “Fonemalar sözleýişde” we 2-njisi bolsa “Sözüň fonetik guralyşy” diýlip atlandyryldy. Bu kitaplaryň esasy bölümleri eksperimental-fonetik derňewiň usullarynyň maglumatlaryndan we ylmyň täze gazanan netijelerinden peýdalanmak bilen ýerine ýetirildi. Gürrüňi edilýän jiltlik mundan öňki okuw gollanmasy hökmünde ýazylan “Fonetikalardan”  mazmunynyň giňligi we çuňlugy bilen tapawutlanyp, onuň soňky döwürlerde geçirilen tejribeleriň takyk maglumatlaryna daýanýanlygyny we täze ylmy netijeleriň önümidigini bellemek gerek. Ol türkmen diliniň fonetikasynyň ähli meselelerini diýen ýaly öz içine alýar. Iş fonetika degişli meseleleri eksperimental derňewleriň maglumatlary esasynda beýan edip, täze ylmy garaýyşlary öňe sürýän türkologik ähmiýetli ylmy monografiýa bolmak bilen häsiýetlenýär. Işde dilimiziň fonetik meseleleriniň derňewini öz içine alýan bölümler degişli suratlar, tablisalar we çyzgylar bilen üpjün edilýär. Eksperimental-tejribe maglumatlara daýanylyp, çuň işlenen we täze ylmy  netijelere gelnen jiltlik türkmen  diliniň fonetikasynyň möhüm meselelerini özünde jemleýän akademik neşir hasaplanylýar.