Books
TÜRKMEN DILINIŇ ORFOGRAFIK SÖZLÜGI
Türkmen dilçileri tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň orfografik sözlügine” 110 müňden gowrak türkmen dilinde ulanylýan ýörgünli sözler girizildi. Sözlükde esaslanylan ýazuw düzgünlerinde, esasan, ulanylyp gelinýän kadalardan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze elipbiý we onuň ýazuw düzgünleri baradaky kararyndan ugur alyndy. Türkmen diliniň dürs ýazuw kada-kanunlarynda kynçylyk döredýän meseleleri döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek maksady bilen, orfografik düzgünleriň birnäçesi kämilleşdirildi. Sözlüge, esasan, häzirki zaman türkmen dilinde ýörgünli ulanylýan sözler girizilmek bilen bir hatarda, halk döredijiliginiň dürdänelerinde, nusgawy edebiýatymyzyň dilinde, türkmen diliniň ýerli gepleşiklerinde bar bolan hem-de çeper edebiýatda we döwürleýin metbugatda işjeň peýdalanylýan sözleriň aglabasy sözlüge alyndy. Onda hormatly Prezidentimiziň ensiklopedik kitaplarynda, taryhy romanlarynda ulanylan adalgalar we türkmen diliniň täsirli, şahyrana sözleri öz beýanyny tapdy. Ylma, tehnika we innowasiýa tehnologiýasyna degişli adalgalaryň okuw kitaplarynda we döwürleýin metbugatda köp ulanylýanlary hem-de giň okyjylar köpçüligi tarapyndan ykrar edilenleri sözlüge girizildi. Sözlügiň ýazuw düzgünleri, esasan, Türkmenistanyň Ikinji lingwistik gurultaýynyň orfografiýa baradaky kararlaryna daýanyldy. Türkmen diliniň dürs ýazuw kada-kanunlarynda kynçylyk döredýän ýörelgeleri kämilleşdirmek maksady bilen, dilçi alymlar özleriniň täze redaksiýada işlän, kämilleşdiren orfografik düzgünleriniň aýratynlyklaryny hem ösýän döwrüň talaplaryna laýyklykda hasaba aldylar we sözlükde beýan etdiler.
TÜRKMEN DILINIŇ DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜGI
2016-njy ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemmetaraplaýyn ösýän jemgyýetimizde türkmen diliniň kämilleşiş ýagdaýy ähli inçeligi bilen şöhlelendirildi. 50 müňe golaý sözlük makalalaryny öz içine alýan düşündirişli sözlüge türkmen dilinde giň gerimde ulanylýan işjeň sözler, täze adalgalar hem-de söz düzümleri we durnukly aňlatmalar girizildi. Oňa girizilen baş sözler elipbiý tertibinde ýerleşdirilip, türkmen diliniň ulanylyş gerimi we sözleriň aňladýan manylary hasaba alyndy.
Baş sözleriň ähli manylary sözlük makalalarynda görkezildi we olar ygtybarly mysallar bilen berkidildi. Bu sözlük uly göwrümli düşündirişli sözlüklere degişli bolup, häzirki döwrüň dil aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpli akademik neşirdir. Düşündirişli sözlük milli dilimiziň söz baýlyklary bilen ylym-bilim we döredijilik işgärleriniň hem-de okyjylar köpçüliginiň içgin tanyşmagyna giň mümkinçilikler döretdi.