Books
Zahyreddin Muhammet Babyr
Zahyreddin Muhammet Babyryň durmuş ýoly we özboluşly edebi mirasy barada türkmen edebiýatynda ýazylan ilkinji monografiýadyr. Monografiýa XVI asyr türkmen edebiýatynyň taryhyny we ösüş ýoluny, şeýle-de, Muhammet Babyr ýaly beýik şahsyýetiň eserleriniň türkmen edebiýatyndaky ornuny kesgitlemäge ýardam berýär, edebiýatyň nazaryýet meseleleriniň ösmegine mynasyp goşandyny goşýar. Babyryň “Diwany” jemgyýet, ynsan ahlagy, söýgi barada şahyrana duýgulary özünde jemleýär. Türkmen edebiýatynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alan Babyryň “Diwany” şu günki we geljekki nesilleriň ruhy kämilligi üçin gymmatly ruhy hazynadyr.
Muhammet Awfy. Naýbaşy danalar. I, II jilt.
Asly merwli Muhammet ibn Muhammet Awfy Merweziniň bu tezkiresinde (antologiýasynda) irki döwürlerden başlap, tä awtoryň öz döwrüne çenli ýaşap geçen we pars dilinde eser döreden 300 sany şahyryň ömri we döredijiligi hakynda gysgaça maglumat berilýär. Onda beýan edilýän şahyrlaryň 90-dan gowragy Türkmenistanyň çäklerinde doglan, önüp ösen ýa-da beýleki ýurtlarda dünýä inen we ýetişen türkmen şahyrlarydyr. Bu eser pars dilinde ýazylan ilkinji tezkire bolup, Awfy ony türkmen soltany Nasyreddin Gubajanyň tabşyrygy bilen ýazypdyr. Iki jiltden ybarat bu eser ilkinji gezek pars dilinden türkmen diline terjime edildi.