Kitaplar

Photo

Pars diliniň gepleşik kadalary 2-nij kitap

Eliňizdäki gollanma »Pars diliniň gepleşik kadalary« atly kitabyň dowamy bolup, bu kitapda pars gepleşik diline mahsus bolan aýratynlyklar we özboluşlylyklar, gepleşik diliniň kadalary, mysallary we türkmen dilindäki terjimeleri berildi. Kitap 2 bölümi öz içine alýar. Birinji bölüm 10 sapakdan ybarat bolup, olarda janly gepleşik diliniň kadalary mysallar arkaly düşündirilýär. Sapaklaryň käbirinde çykgytlar arkaly eliňizdäki kitabyň birinjisine salgylanylýar. Munuň esasy maksady bolsa, janly gepleşikde aýdylyşy ýaly görnüşde ýazylan pars sözleriniň haýsy gepleşik kadalaryna laýyklykda üýtgändigini düşündirmekdir. Kitabyň ikinji bölümi »Tähranlylaryň syrly diliniň sözlügi« diýlip atlandyrylýar.
Bu kitap pars diliniň başlangyç döwürlerinden geçip, gepleşik dilinde erkin we dürs geplemeklige höwes bildirýänler üçin gollanma hökmünde hyzmat edip biler.

Photo

Pars diliniň gepleşik kadalary

«Pars diliniň gepleşik kadalary» atly gollanma türkmen dilinde bu ugurda ýazylan ilkinji kitap bolup, pars gepleşik diliniň kadalaryny, mysallaryny we türkmen dilindäki terjimelerini öz içine alýar. Kitap jemi 3 bölümden, birinji bölüm 30 sapakdan ybarat bolup, olarda janly gepleşik diliniň kadalary giňişleýin düşündirilýär. Ikinji bölüm «Pars diliniň janly gepleşiginde sözleýiş medeniýetiniň edep-kadalary» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde eýran halkynyň gepleşik diline mahsus bolan aýratynlyklar – myhmançylykda, toýda, ýasda we ş.m. ýerlerde birek-birege hormatyny, sylagyny, söýgüsini beýan etmek üçin ulanýan frazalary, sözlemleri tablisa görnüşinde görkezilip, gapdalynda olaryň transkripsiýasy, terjimesi we olara berilýän jogaplar getirildi. Üçünji bölüm «Pars diliniň janly gepleşiginde gutlag we arzuw sözleri» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde, adyndan hem belli bolşy ýaly, gutlag we arzuw sözleriniň sanawy, olaryň transkripsiýasy, terjimesi we jogaplary tablisa görnüşinde berildi. Bu kitap pars diliniň başlangyç döwürlerinden geçip, gepleşik dilinde erkin we dürs geplemeklige höwes bildirýänler üçin gollanma hökmünde hyzmat edip biler.