Books

Photo

TOÝ AÝDYMLARY

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gülleýän Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlar ülkesine öwrüldi.

    Türkmen halky şatlyk-şagalaňy söýýän halk. Dilewar, märekesöýer, guýmagursak zehinli adamlar uzak asyrlaryň dowamynda maşgala hem ýurt ähmiýetli toýlaryny söz sungaty arkaly dörän täsin bentler bilen bezäpdirler. Ol bentleriň köpüsi hem gelin-gyzlaryň döreden şahyrana setirleri.

    Şu ýygynda toýlary bezeýän küştdepdilerden, toý aýdymlaryndan hem-de onuň dürli görnüşlerinden nusgalar ýerleşdirildi.

TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ
MAGTYMGULY ADYNDAKY DIL, EDEBIÝAT WE MILLI
GOLÝAZMALAR INSTITUTY

Gurbanjemal Ylýasowa

Photo

SÖZ ASLYNA ÝET ÝAGŞY (Ylmy-köpçülikleýin makalalar)

    Dünýäde iň irki dilleriň biri, türki dilleriň arasynda sözleriň gadymy manysyny we keşbini özünde iň köp saklap galan dil bolan türkmen dilini hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek, ony arassa saklamak hem-de içki gorlarynyň hasabyna baýlaşdyrmak işine goşant goşmak maksady bilen taýýarlanylan bu kitaba sözlerdir söz birikmeleriniň many çuňluklaryna içgin aralaşmaga synanyşyk edilen makalalar girizildi. Şunda durnukly söz düzümleriniň göni hem-de göçme manylaryny seljermäge aýratyn üns berildi.

    Kitap dilçi alymlar, dil we edebiýat mugallymlary, ýokary hem- de ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de türkmen dili bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory
A.A. Aşyrowyň redaksiýasy bilen

E. Çaryýewa