Books
Muhammet Awfy. Naýbaşy danalar. I, II jilt.
Asly merwli Muhammet ibn Muhammet Awfy Merweziniň bu tezkiresinde (antologiýasynda) irki döwürlerden başlap, tä awtoryň öz döwrüne çenli ýaşap geçen we pars dilinde eser döreden 300 sany şahyryň ömri we döredijiligi hakynda gysgaça maglumat berilýär. Onda beýan edilýän şahyrlaryň 90-dan gowragy Türkmenistanyň çäklerinde doglan, önüp ösen ýa-da beýleki ýurtlarda dünýä inen we ýetişen türkmen şahyrlarydyr. Bu eser pars dilinde ýazylan ilkinji tezkire bolup, Awfy ony türkmen soltany Nasyreddin Gubajanyň tabşyrygy bilen ýazypdyr. Iki jiltden ybarat bu eser ilkinji gezek pars dilinden türkmen diline terjime edildi.
TÜRKMEN DILINIŇ ORFOGRAFIK SÖZLÜGI
Türkmen dilçileri tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň orfografik sözlügine” 110 müňden gowrak türkmen dilinde ulanylýan ýörgünli sözler girizildi. Sözlükde esaslanylan ýazuw düzgünlerinde, esasan, ulanylyp gelinýän kadalardan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze elipbiý we onuň ýazuw düzgünleri baradaky kararyndan ugur alyndy. Türkmen diliniň dürs ýazuw kada-kanunlarynda kynçylyk döredýän meseleleri döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek maksady bilen, orfografik düzgünleriň birnäçesi kämilleşdirildi. Sözlüge, esasan, häzirki zaman türkmen dilinde ýörgünli ulanylýan sözler girizilmek bilen bir hatarda, halk döredijiliginiň dürdänelerinde, nusgawy edebiýatymyzyň dilinde, türkmen diliniň ýerli gepleşiklerinde bar bolan hem-de çeper edebiýatda we döwürleýin metbugatda işjeň peýdalanylýan sözleriň aglabasy sözlüge alyndy. Onda hormatly Prezidentimiziň ensiklopedik kitaplarynda, taryhy romanlarynda ulanylan adalgalar we türkmen diliniň täsirli, şahyrana sözleri öz beýanyny tapdy. Ylma, tehnika we innowasiýa tehnologiýasyna degişli adalgalaryň okuw kitaplarynda we döwürleýin metbugatda köp ulanylýanlary hem-de giň okyjylar köpçüligi tarapyndan ykrar edilenleri sözlüge girizildi. Sözlügiň ýazuw düzgünleri, esasan, Türkmenistanyň Ikinji lingwistik gurultaýynyň orfografiýa baradaky kararlaryna daýanyldy. Türkmen diliniň dürs ýazuw kada-kanunlarynda kynçylyk döredýän ýörelgeleri kämilleşdirmek maksady bilen, dilçi alymlar özleriniň täze redaksiýada işlän, kämilleşdiren orfografik düzgünleriniň aýratynlyklaryny hem ösýän döwrüň talaplaryna laýyklykda hasaba aldylar we sözlükde beýan etdiler.