Books

Photo

TÜRKMEN DILINIŇ DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜGI

2016-njy ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemmetaraplaýyn ösýän jemgyýetimizde türkmen diliniň kämilleşiş ýagdaýy ähli inçeligi bilen şöhlelendirildi. 50 müňe golaý sözlük makalalaryny öz içine alýan düşündirişli sözlüge türkmen dilinde giň gerimde ulanylýan işjeň sözler, täze adalgalar hem-de  söz düzümleri we durnukly aňlatmalar girizildi. Oňa girizilen baş sözler elipbiý tertibinde ýerleşdirilip, türkmen diliniň ulanylyş gerimi we sözleriň aňladýan manylary hasaba alyndy. 
Baş sözleriň ähli manylary sözlük makalalarynda görkezildi we olar ygtybarly mysallar bilen berkidildi.  Bu sözlük uly göwrümli düşündirişli sözlüklere degişli bolup, häzirki döwrüň dil aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpli akademik neşirdir. Düşündirişli sözlük milli dilimiziň söz baýlyklary bilen ylym-bilim we döredijilik işgärleriniň hem-de okyjylar köpçüliginiň içgin tanyşmagyna giň mümkinçilikler döretdi.